11.02.2026
2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň Orunbasary N. Atagulyýewiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we
Telekeçiler Birleşmesiniň Müdirýetiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan – Türkiýe Işewürler Geňeşiniň türk
böleginiň başlygy S. Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk
geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda iki ýurduň arasynda işewürlik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, özara söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa
geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar işewür toparlaryň
arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň, maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň hem-de
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmagyň möhüm ähmiýetini bellediler.
Şeýle-de
duşuşykda Türkmenistan – Türkiýe Işewürler Geňeşiniň işiniň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Taraplar
geljekde hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma
bildirdiler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.