Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan – Gruziýa gatnaşyklary: täze mümkinçiliklere badalga

06.05.2026
11

       2026-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwiliniň we Gruziýanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Georgiý Pertaýa hem-de Biznes we sebit ösüş departamentiniň direktory Georgiý Wekuanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

         Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, işewür gatnaşyklary ösdürmek hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Taraplar sergileri we biznes forumlaryny guramak boýunça gyzyklanma bildirip, bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem dokma senagatynda we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirildi.

Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň