Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan-Ermenistan: Söwda “köprüsi” ara alnyp maslahatlaşyldy

16.09.2025
47

         2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Edaranyň ýolbaşçysy bilen Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Arsen Gagikowiç Awagýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

          Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler hem-de geljekde bu gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

         Hususan-da, Aşgabat we Ýerewan şäherlerinde Söwda öýlerini açmak mümkinçilikleri, iki ýurduň işewür toparlarynyň özara hyzmatdaşlygyny artdyrmak maksady bilen giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle taslamalaryň iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň artdyrylmagynda, ýerli öndürijileriň daşary ýurt bazarlaryna çykmagynda we telekeçiligiň ösdürilmeginde söwda “köprüsi” bolup ýardam berjekdigi aýratyn bellenildi.

         Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine taýýardyklaryny beýan etdiler hem-de mundan beýläk-de işjeň gatnaşyklary dowam etdirmäge ylalaşdylar.

           Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň