2025-nji ýylyň 24-nji maýynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen Pakistan Yslam
Respublikasynyň Maha Group kompaniýalarynyň dolandyryjy direktory Hasnain
Dharamseý duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de
Pakistanyň arasynda ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem
geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar
oba hojalygy, senagat önümçiligi, energetika we ulag-logistika ulgamlarynda
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşdylar. Şeýle-de duşuşykda Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky
söwda dolanyşygyny artdyrmak we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça anyk
ädimler hakynda söz açyldy. Bu duşuşyk taraplaryň hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan
gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy bolup, özara düşünişmek, hormat goýmak ýörelgelerine
esaslanmak bilen, halklarymyzyň bähbitlerini nazarlaýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.