Hormatly Prezidentimiziň
öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlary
bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürýär. 2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Gwatemala
Respublikasynyň täze bellenen ilçisi jenap Eduardo Enrike Ernandes Resinosyň
arasyndaky duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Jenap Eduardo Enrike Ernandes Resinos Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik işiniň täze tapgyrynyň başlanýandygyny belläp, öz ýurdunyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşini uly gyzyklanma bilen yzarlaýandygyny nygtady. Şeýle hem, iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky göni aragatnaşygy berkitmek maksady bilen taraplaryň geçirilýän sergilerine gatnaşmaklyk teklip edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy öz gezeginde, ýurduň bazar ykdysadyýetiniň yzygiderli ösýändigini we halkara hyzmatdaşlyga açykdygyny nygtady. Hususan-da, Türkmenistan tarapyndan nebit-gaz önümleri, dokma senagaty, oba hojalyk önümleri eksport mümkinçilikleri maglumat berildi. Şonuň ýaly-da, ýurtlaryň arasyndaky göni logistiki ugurlary ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny höweslendirmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyk, Türkmenistan bilen Gwatemala Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berip, iki ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.