Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge uly üns berýär. 2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş direktorynyň orunbasary Gerhard Saýller bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde bilelikde amala aşyrylyp bilinjek taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Awstriýanyň wekili öz ýurdunyň Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, bilelikdäki sergileri, işewür forumlary guramagyň ähmiýetini nygtady.
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen şu ýylyň dowamynda türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu mejlis ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek üçin möhüm platforma bolar. Awstriýa bilen ýola goýulýan ykdysady hyzmatdaşlyk, iki ýurduň işewürlerine täze mümkinçilikleri açyp, halklaryň abadançylygyna we ösüşine uly goşant goşar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.