Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmekde we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm başlangyçlary durmuşa
geçirýär. Şonuň esasynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky
hyzmatdaşlyk täze ösüş tapgyryna gadam basdy. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 2025-nji
ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy
bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
ilçisi S. W. Çepurnoý bilen duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara söwda
gatnaşyklaryny ösdürmek we maýa goýumlary çekmek strategiýasynyň çäklerinde
amala aşyrylýan möhüm çäreleriň biridir. Taraplar özara söwda dolanyşygynyň
möçberini artdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek we täze hyzmatdaşlyk
ugurlaryny kesgitlemek boýunça anyk teklipleri öňe sürdiler.
Belarus Respublikasynyň ilçisi Türkmenistanyň ykdysady
ösüşiniň ýokary depginler bilen ösýändigini belläp, belarusly işewürleriň
türkmen bazary bilen has içgin hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma
bildirýändigini aýtdy. Hususan-da Belarus tarapy oba hojalygy, awtomobil
senagaty, azyk senagaty we beýleki önümçilik ugurlarynda hyzmatdaşlygy
giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.
Geçirilen duşuşyk bilelikdäki taslamalaryň amala
aşyrylmagyna, işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we halkara
sergilere gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we iki ýurduň ykdysadyýetiniň özara
bähbitli ösüşine itergi berer.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.