Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan – Belarus: halkara sergiler boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

30.01.2026
112

        2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşyk geçirdi.

             Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisine belarus işewürlerini giňden çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.

         Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 2-6-njy iýunynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Белагро-2026” atly halkara oba hojalyk senagaty sergisine türkmen işewürleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek, şol sanda Türkmenistanyň pawilýony bilen çykyş etmek mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

         Taraplar halkara sergileriň işewür gatnaşyklary pugtalandyrmakda, täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmakda we özara söwda dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň