Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady forumyna gatnaşdylar

04.07.2025
95
Card image cap

        2025-nji ýylyň 3-4-nji iýuly aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Hankendi şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ykdysady forumy geçirildi.

        Türkmenistanyň wekiliýeti hem bu foruma işjeň gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden ybarat boldy.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň wekilleriniň foruma gatnaşmagy ýurdumyzda alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň hem-de halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna berilýän ähmiýetiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň