Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

04.10.2025
73

2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda  Şarja emirliginde  dürli müşki-anwar yslary bilen maýyl edýän parfýumlaryň sergisi öz işine başlady. Sergini Şarjanyň Söwda-senagat edarasy we Ekspo Merkezi bilelikde gurnadylar. Emirat atyrlarynyň sergisi köpdürliligi hem özboluşlylygy bilen täsir galdyrýar. Bu sergi ençeme   ýerli  we meşhur  brendleri öz içine alýar. Bu ýere gelenler hoşboý ys pudagynda öňdebaryjy öndürijiler, hünärmenler we täzelikler şeýle-de  ýakymly ysly tütetgiler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

      Emirlik atyr önümleriniň sergisine   Türkmen-Emirlik Işewirler forumyna gatnaşan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri we agzalary  hem hormatly myhman boldular.

         Türkmen wekiliýeti üçin  bu sergi täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek we tejribe alyşmak üçin ähmiýetli waka boldy.

                                                                                          

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                         Metbugat gullugy bölümi


Bulary hem okaň