12.02.2026
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport
harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmen-türk Işewürler Geňeşiniň nobatdaky
mejlisi geçirildi. Bu mejlis iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm
çäreleriň biri boldy.
Mejlisiň
esasy maksady Türkmen-türk Işewürler Geňeşiniň türkmen wekiliýeti bilen türk
tarapynyň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de gündelik
meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem Türkmenistanda we Türkiýede iki
döwletiň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda dürli derejedäki bilelikdäki çäreleri
guramak bilen bagly meseleleri giňişleýin seljermekden ybarat boldy.
Duşuşygyň
dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, täze bilelikdäki taslamalaryň
durmuşa geçirilmegi, işewürlik forumlaryny we sergileri yzygiderli geçirmek
ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem özara maýa goýum
mümkinçiliklerini giňeltmek, önümçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işewür toparlaryň
arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Nygtalyşy
ýaly, Türkmen-türk Işewürler Geňeşi iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy
utgaşdyrmakda netjeli mehanizm hökmünde çykyş edýär. Nobatdaky mejlis hem özara
ynanyşmagy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga hem-de işewür
toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.