Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen telekeçileriň üstünlikleriň beýany: Sergi dowam etdirilýär

18.03.2026
12

    Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli gurnalan serginiň myhmanlarynyň yzy üzülenok.

      Bu iri gözden geçiriliş  türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurduň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan saldamly goşandyny görkezýär.

    Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegine aýratyn orun degişlidir.

    Geçen 18 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp miweleridir.

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň      

                                                                                                      Metbugat gullugy.      


Bulary hem okaň