11.05.2026
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda
Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde türkmen telekeçileri bilen britan
işewürleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli işewürlik duşuşyklary geçirilýär.
11-15-nji maýy aralygynda dowam edýän çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
hem-de Türkmenisatnyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen guraldy.
Çäräniň
esasy maksady türkmen önümleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, täze
hyzmatdaşlyklary ýola goýmak we Ýewropa bazaryna çykmakdan ybaratdyr.
Duşuşyklaryň
dowamynda agro-senagat, dokma, gurluşyk, logistika, bilim we innowasiýa ugurlarynda
hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň ýokary
hilli pagta önümleri hem-de ekologik taýdan arassa azyk harytlary daşary ýurtly
hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy şeýle halkara işewürlik duşuşyklarynyň
türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde we milli
önümleriň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini
belledi.
Çäräniň
dowamynda birnäçe hyzmatdaşlyk taslamalaryň we ikitaraplaýyn şertnamalara gol
çekilmegine garaşylýar. Bu işewürlik sapary türkmen telekeçileriniň halkara
bazarlardaky ornuny pugtalandyrmakda möhüm ädim hökmünde baha berilýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.