28.02.2026
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Owganystanyň Standart we hil meseleleri boýunça edarasynyň başlygy Molla Faizullah Tamimiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda
söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda standartlaşdyryş,
sertifiksiýa we harytlaryň hilini üpjün etmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy
giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara haryt
dolanyşygyny artdyrmakda hil talaplaryna laýyklygyň möhüm ähmiýetini
bellediler.
Duşuşygyň
dowamynda 2024-nji 4-nji martynda ýurdumyzda üstünlikli geçirilen Owgan
harytlarynyň sergisiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu sergi iki ýurduň işewür
toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, hyzmatdaşlyk ugurlaryny
açmaga mümkinçilik döretdi. Serginiň ýokary guramaçylyk derejesi we
netijeliligi onuň örän ähmiýetli çäre bolandygyny görkezdi.
Bu
giň mümkinçilikleriň döredilip berilmegi mynasybetli owgan tarapynyň wekilleri Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan
etdiler.
Hormatly
Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde goňşy döwletler bilen
dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Geçirilen duşuşyk
türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen möhüm
ädim boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.