Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-mongol işewürler forumy – hyzmatdaşlygyň täze platformasy

02.06.2025
114
Card image cap

               2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-mongol işewürler forumyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

         Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti ýokary derejeli duşuşyklara gatnaşyp, ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen çärelerde işjeň çykyş etdiler. Ulan-Bator şäherinde geçirilen Türkmen-mongol işewürler forumynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy M.Gurdow çykyş edip, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri, maýa goýum şertleri we işewürlik gatnaşyklary boýunça giň maglumat berdi.

         Forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar türkmen we mongol telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýüze çykmagyna şert döretdi. Döwlet saparyny amala aşyran wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň  foruma işjeň gatnaşmagy  ykdysady netijeliligi has-da ýokarlandyrdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň