17.02.2026
Hormatly Prezidentimiziň
öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan bilen Kuweýt
Döwletiniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. 2025-nji ýylyň
23-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrylan iş saparynyň
dowamynda Hormatly Prezidentimiziň Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh
Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşygy iki ýurduň hyzmatdaşlygyny täze mazmun
bilen baýlaşdyrdy. Ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady
gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hem-de ileri
tutulýan ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça geljegi uly başlangyçlar öňe
sürülip, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri açyldy.
Şol
ýokary derejeli duşuşygyň amaly dowamyny üpjün etmek maksady bilen, 2026-njy
ýylyň 16-njy fewralynda El-Kuweýt şäherinde türkmen-kuweýt işewürler duşuşygy
geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda
geçirilen çäre iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola
goýmak we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açmak babatda möhüm ähmiýete eýe
boldy.
Söwda dolanşygyny artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny
giňeltmek, energetika, senagat, gurluşyk we ulag-logistika ulgamlarynda
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri giňişleýin ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şeýle-de häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak,
önümçilik kuwwatlaryny ýokarlandyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini
giňeltmek boýunça teklipler öňe sürüldi.
El-Kuweýt
şäherinde geçirilen bu duşuşyk döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň
işewürlik derejesinde üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.
Türkmen-kuweýt hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy iki ýurduň ykdysady ösüşine
we özara bähbitli gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna giň ýol açýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.