Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen – Hytaý sergisinden täsirli pursatlar: öňdebaryjy kompaniýalar üns merkezinde

30.04.2026
15

       2026-njy ýylyň 28-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmen – Hytaý sergisi iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Üç gün dowam edýän iri halkara çärede öňdebaryjy kompaniýalar tarapyndan häzirki zaman tehnologiýalary, önümçilik mümkinçilikleri hem-de innowasion çözgütler giňden tanyşdyrylýar.

         Serginiň dowamynda gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çeken kompaniýalaryň biri KQ PUMPS boldy. Kärhana dürli pudaklar üçin niýetlenen ýokary hilli nasos enjamlaryny öndürmekde halkara derejede tanalýar. Kompaniýanyň hödürleýan önümleri ygtybarlylygy, ýokary öndürijiligi we döwrebap tehnologik çözgütleri bilen myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.

         KQ PUMPS tarapyndan öndürilýän nasoslar nebit-gaz, himiýa we energetika pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda, suw üpjünçilik ulgamlarynda, ýaşaýyş jaý jemagat hojalygynda hem-de ýangyn howpsuzlygy ulgamlarynda giňden peýdalanylýar. Şeýle hem kompaniýanyň ýörite sargytlar boýunça taýýarlanýan enjamlary dürli önümçilik kärhanalarynyň zerurlyklaryna laýyk gelýär.

         Sergide dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan HUAWEI TECHNOLOGIES CO., LTD tarapyndan aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ulgamyndaky täze cözgütleri görkezilýär. Bu kompaniýanyň hödürleýän innowasion mümkinçilikleri sanly ykdysadyýeti ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

         Şeýle hem HEBEI NEW CENTERY PHARMACEUTICAL CO., LTD tarapyndan derman senagatyndaky häzirki zaman önümler tanyşdyrylýar. BEIJING NURLY DOST CONSTRUCTION CO., LTD kompaniýasy bolsa gurluşyk, inženerçilik ulgamlary we döwrebap desgalary gurmak boýunça gazanan tejribeleri bilen gatnaşyjylaryň ünsüni çekýär. Kärhana Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi we Arkadag şäheriniň gurluşygy ýaly iri döwlet taslamalaryna gatnaşyp, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýar.

         Türkmen – Hytaý sergisinden täsirli pursatlar işewür duşuşyklar, netijeli gepleşikler we öňdebaryjy kompaniýalaryň üstünlikli çykyşlary bilen ýatda galýarlar. Bu iri halkara çäre iki dostlukly ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň täze ösüş sepgitlerine çykýandygynyň hem-de hyzmatdaşlygyň barha pugtalanyp barýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň