28.04.2026
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmen – Hytaý işewürler
forumy we sergisi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm meýdança boldy.
Serginiň çäklerinde geçirilen duşuşyklar söwda-ykdysady gatnaşyklary
giňeltmäge, maýa goýum işjeňligini artdyrmaga hem-de täze taslamalary ilerletmäge
gönükdirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň ýolbaşçysy Hytaý Halk Respublikasynyň kärhanalary daşary ýurtlarda
ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy. Gepleşikleriň
dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, geljekde geçiriljek halkara
sergilere, forumlara gatnaşmak, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek ýaly meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle
hem, TSSE-nyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Shaanxi Foreign Trade and
Economic Cooperation International Digital Exhibition Co., Ltd.”, “Qingdao Zhengdu
International Trade Co., Ltd.”
hem-de “Beijing Council for the Promotion of International Trade Comprehensive
Service Center” kompaniýalarynyň
wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda söwda dolanyşygyny
artdyrmak, sanly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak, logistika ulgamlaryny
ösdürmek we halkara sergi işini giňeltmek meselelerine garaldy.
Bu duşuşyklar
Türkmenistanyň halkara işewürlik giňişligindäki ornunyň barha pugtalanyp, Hytaý
bilen strategik hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezdi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.