Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen – Hytaý hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy: Aşgabatda işewürler forumy we sergisi badalga aldy

28.04.2026
20

            2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi ýokary derejede öz işine başlady. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag haty okalyp, çärä aýratyn many-mazmun çaýdy.

         Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilip, söwda-ykdysady gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

           Forum iki dostlukly döwletiň arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

         Çäräniň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar, netijeli gepleşikler we kompaniýalaryň tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler. Sergide türkmen we hytaý kompaniýalarynyň häzirki zaman önümleri, innowasion tehnologiýalary hem-de eksport mümkinçilikleri görkezilýär.

       Türkmen-Hytaý işewürler forumy we sergisi 30-njy aprele çenli dowam edip, onuň netijeleri iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň