Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-hindi işewür gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlanan duşuşyk

29.05.2025
134
Card image cap

     2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de Hindistan-Merkezi Aziýa işewürler geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksadyna gönükdirildi.

         Taraplar söwda, senagat, maýa goýum, energetika, oba hojalygy, ulag-logistika we ýokary tehnologiýalar ýaly strategik ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini seljerdiler.

      Duşuşygyň dowamynda taraplar işewürler geňeşiniň çäginde bilelikdäki forumlaryň, sergileriň we mahabat çäreleriniň geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle çäreler hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagyna hem-de telekeçiler üçin amatly iş şertleriniň döredilmegine mümkinçilik döreder.

         Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryň dowam etdiriljekdigini nygtadylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň