2025-nji ýylyň 2-nji
oktýabrynda Şarja emirliginde
Türkmen-Emirlik Işewirler forumy badalga aldy. Forum Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy, Şarjanyň Söwda-senagat edarasy we BAE-niň Söwda-senagat
edaralarynyň Federasiýasy tarapyndan bilelikde gurnaldy. Bu foruma Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
wekilleri we agzalary gatnaşdylar.
Forumyň gün tertibi ykdysady, maýa goýumlary, senagat pudaklarynda, şeýle hem
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyň
geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy. Çäräniň
maksatnamasyna laýyklykda, öňdebaryjy hünärmenleriň gatnaşmagynda panel
çykyşlary, üstünlikli işewir taslamalarynyň görkezme çykyşlary, şeýle hem
eksportyň ösüşi we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan sessiýalar gurnaldy.
Çäräniň başynda Şarjanyň
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow çykyş edip, mundan
öňki “Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri” işewirlik forumynyň 2024-nji
ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilendigini we bu günki
forumyň hem Türkmenistanyň
Hormatly Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň
çäginde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda,
ykdysady, maýa goýum we işewir gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge
gönükdirilendigini belledi.
Netijeli häsiýetde geçen forumyň
çäklerinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de ýakyn
gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen B2B duşuşyklar guraldy. Munuň özi
bilelikde durmuşa geçirip boljak taslamalar we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri
barada pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.
Forumyň ahyrynda bu forumyň Türkmenistanyň hem-de BAE-niň işewir toparlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde mynasyp paýynyň boljakdygyna uly ynam bildirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.