17.01.2026
2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani
bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň arasynda duşuşyk
geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda şu ýylyň dowamynda geçirilmegi
meýilleşdirilýän EYR-nyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisini guramak,
onuň geçiriljek senelerini kesgitlemek, şeýle-de türkmen-eýran Işewürler
maslahatyny geçirmek bilen bagly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar serginiň ýokary derejede guralmagy üçin degişli taýýarlyk işleriniň
geçirilmeginiň möhümdigini bellediler.
Şeýle-de
duşuşykda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary
pugtalandyrmak, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny açmak hem-de özara söwda-ykdysady
gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Senagat, gurluşyk,
energetika, ulag-logistika we beýleki möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygyň
mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň
yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, bilelikdäki sergileriň we işewürlik
maslahatlarynyň bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginde möhüm orun
eýeleýändigini aýtdy.
Eýran
Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani öz gezeginde Türkmenistanyň
işewür toparlaryny Eýran Yslam Respublikasynda geçiriljek beýleki halkara we
ýöriteleşdirilen sergilere gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem ol “Iran Prože”
sergisiniň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmak, täze
taslamalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola
goýmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi. Serginiň geçiriljek
seneleriniň taraplaryň özara ylalaşygy esasynda kesgitlenjekdigini belledi.
Duşuşyk
özara düşünişmek hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk ruhunda
geçdi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy