Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri Ömer Bolat bilen duşuşyk

11.02.2026
40

         2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N. Atagulyýewiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministri Ömer Bolat bilen duşuşyk geçirildi.

       Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, onuň ösüş ugurlary hem-de özara söwda dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hem-de hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.

       Şeýle-de duşuşykda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda hem-de söwda mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrmakda netijeli meýdança bolup hyzmat edendigi nygtaldy.

         Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda bilelikde alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmeginiň maksada laýykdygyny bellediler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň