12.02.2026
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi ýokary
derejede guralyp, dabaraly ýagdaýda öz işini tamamlady. Üç günüň dowamynda
dowam eden sergi iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň
täze mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
Serginiň
dowamynda Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan häzirki zaman
tehnologiýalaryna esaslanýan, halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýan
eksport önümleri giňden tanyşdyryldy. Işewür duşuşyklar we gepleşikler täze
şertnamalaryň baglaşylmagyna hem-de geljekki bilelikdäki taslamalaryň
ugurlarynyň kesgitlenmegine itergi berdi.
Serginiň
jemleýji dabarasynda gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň hormatly Prezidentine
Ýüzlenmesi okaldy. Onda ýurdumyzda döredilýän amatly işewürlik we maýa goýum
mümkinçilikleri, telekeçiligi goldamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty
üçin hoşallyk beýan edilip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de
ösdürmäge taýýarlyk tassyklanyldy.
Bu
giň gerimli sergi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berk binýada esaslanýandygyny äşgär
etdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy