Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

TSSE-de zenanlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

06.03.2026
95

       Halkara zenanlar güni mynasybetli   döwletli diýarymyzda  geçirilýän  dabaralar giň gerime eýe bolýar. Bu ajaýyp baýramçylykda Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň zenanlaryny  pul sowgady bilen sylaglamagy, köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekmegi baýramçylyk ruhuny has  hem belende göterýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlaryna aýratyn uly ähmiýet berilýär.

        2026-njy ýylyň 6-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda zähmet çekýän zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda  gowşuryldy.

      Dabaraly çäre ýakymly arzuwlara  we baýramçylyk gutlaglaryna beslendi.  TSSE-de zähmet çekýän gelin-gyzlar  toý  sowgatlaryny ýüzlerine sylyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözleri aýtdylar. Şeýle hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan  döwletimiziň gülläp ösüşlerine mundan buýana hem  mynasyp goşant goşjakdyklaryny beýan etdiler.

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy 


Bulary hem okaň