Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

TSSE-de gurnalan halkara sergi hem ylmy maslahat telearagatnaşyga we halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlandy

12.11.2025
36

     2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Çäräniň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

        Dabaranyň başynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän orny barha pugtalanýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Häzirki wagtda bolsa Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň hem-de «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Bu halkara çäräniň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi,  resmi hyzmatdaşy bolup Net Fuar Organizasyon Ltd.Sti çykyş edýär.

Halkara maslahatdaky çykyşlar halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alýar.

          Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyny hem-de telekommunikasiýalar tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan täze taslamalar hem türkmen halkynyň durmuş derejesiniň görkezijileriniň, ilatyň maddy üpjünçiliginiň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu sergi we maslahat bolsa şeýle taslamalar bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär.

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                       Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň