07.11.2025
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda EYR-nyň Demirgazyk Horasan
welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň ýolbaşçylygyndaky işewür
wekiliýet bilen duşuşyk gurnaldy.
Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri
gatnaşdylar.
Myhmanlar
2024-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam
Respublikasyna amala aşyran iş saparyny hoşallyk bilen ýatlap, türkmen halkynyň
Milli Lideriniň hem Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda goňşuçylyk hem dost-doganlyk
ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary
baha berýändiklerini nygtadylar.
Duşuşykda Ahal welaýatynyň we Eýranyň
Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda syýahatçylyk, saglygy goraýyş, medeni-ynsanperwer
ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek babatda pikir alşylyp, haryt üpjünçiligi, eksport, import meselelerine hem üns berildi.
Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanda ägirt
uly gurluşyk taslamalarynyň alnyp barylýandygy nygtalyp, Demirgazyk Horosan
welaýatynyň wekiliýeti gurluşyk hem senagat ulgamynda Türkmenistan bilen işewür
gatnaşyga taýýardygyny mälim etdi.
Türkmen wekiliýeti hem 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-22-ne
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde geçiriljek Eýran Yslam respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň
eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisini iki goňşy döwletiň
hyzmatdaşlygynyň günsaýyn netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasy hökmünde belledi we
türkmen-eýran dostlugynyň ebedi bolmagyny arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda işewürler duşuşygynyň
iki ýurduň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmekde hem-de
ykdysady mümkinçilikleri ýaýbaňlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk
ynam bildirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy