2025-nji ýylyň 19-22-nji maýy aralygynda Özbegistanyň Termez şäherinde sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara forum – “Termez dialogy” geçirildi. Bu möhüm çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Forumda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, serhetüsti söwdany kämilleşdirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, gatnaşyjylar ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksadyna eýerip, tejribe alyşmaga mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň wekilleri çykyşlarynda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy, ulag we söwda ulgamyndaky mümkinçilikleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdiler.
“Termez dialogy” forumy döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň we halkara guramalaryň arasynda düşünişmegi hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm meýdança hökmünde çykyş etdi.
Türkmenistanyň bu foruma işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyna hemmetaraplaýyn goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.