Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Telekeçilik we söwda – ösüşiň binýady

27.06.2025
33
Card image cap

     Telekeçilik we söwda ykdysady ösüşiň möhüm sütünleri bolup, döwletiň durnukly ösüşine we halkyň ýaşaýyň derejesiniň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar. Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek maksady bilen ýeňillikler, goldawlar we kanunçylyk binýady döredilýär. Munuň netijesinde telekeçiler önümçilikde başlap, hyzmatlara çenli dürli ugurlarda iş alyp barýarlar.

Söwda ulgamynyň giňeldilmegi içerki bazaryň işjeňligini ýokarlandyrýar we ýerli önümleri daşary ýurtlara çykarmaga mümkinçilik berýär. Elektron söwda arkaly hem häzirki zaman bazarlaryna çykmak has aňsatlaşdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu ugurlarda möhüm orny eýeleýär. Ol telekeçileri goldamak, sergiler we halkara ykdysady forumlary guramak, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary ösdürmek arkaly ykdysady ösüşe hyzmat edýär.

Netijede, telekeçilik bilen söwda ulgamynyň sazlaşykly ösüşi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we halkara gatnaşyklarynyň giňelmegine ýol açýar.  

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy .


Bulary hem okaň