29.12.2025
2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli
şowhunly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabaraly çärä hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Bu ýerde Hökümet
agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen, şeýle hem Türkmenistandaky diplomatik
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary maşgala agzalary bilen bilelikde gatnaşdylar.
Baýramçylyk
çäresi ýokary ruhubelentlikde geçip, öňa gatnaşanlar Täze ýylyň
şatlyk-şowhunyny bilelikde paýlaşdylar. Edaranyň bezelen zalynda guralan
dabarada aýdym-sazly çykyşlar, medeni çäreler hem-de çagalar üçin taýýarlanan
şatlykly sahna oýunlary ýaýbaňlandyryldy.
Bu
çäre Täze ýylyň dost-doganlyk, agzybirlik we prahatçylyk ruhunda
garşylanmagynyň aýdyň nyşany boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.