31.01.2026
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Arassa Nusga” hojalyk jemgyýetiniň
hünärmenleriniň gatnaşmagynda emeli aň tehnologiýalaryny iş tejribesine
ornaşdyrmak we netijeli peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça okuw maslahaty
geçirildi. Maslahat sanly özgertmeleriň häzirki tapgyrynda täze tehnologiýalary
önümçilik we dolandyryş işlerine ornaşdyrmagyň ähmiýetine bagyşlandy.
Maslahatyň
dowamynda emeli aň esasly çözgütleriň maglumat seljermesinde, eksport ugurly maglumatlary
taýýarlamakda, şeýle hem häzirki zaman sanly çözgütleriň dolandyryş işleriniň
tizligini we takyklygyny ýokarlandyrmakda berýän mümkinçilikleri barada
giňişleýin çykyşlar edildi. Hünärmenler
tarapyndan häzirki zaman sanly gurallaryň amaly ulanylyşy, olaryň netijeliligi
we iş tejribesine ornaşdyrmagyň aýratynlyklary barada düşündirişler berildi.
Maslahatyň
barşynda edaranyň işini döwrebaplaşdyrmak, maglumat akymlaryny tiz we takyk
dolandyrmak hem-de sanly tehnologiýalary yzygiderli peýdalanmak arkaly iş netijeliligini
artdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle-de bu ugurda
hünär taýýarlygyny güýçlendirmek we okuw çärelerini dowamly esasda geçirmek
barada teklipler öňe sürüldi.
Çärä
gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalarynyň häzirki döwürde dolandyryş we
analitika işiniň aýrylmaz bölegine öwrülýändigini belläp, bu ugurdaky
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.