Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat tamamlandy

13.10.2025
8

     “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işini üstünlikli tamamlady.

      2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda badalga alan halkara sergide we ylmy maslahatda  türkmen lukmançylygynda, bilimde we sportda gazanylan üstünlikler bilen birlikde daşary döwletleriň ugurdaş kompaniýalarynyň alyp barýan döwrebap işleriniň köp sanlysy ýaýbaňlandyryldy. Diwarlyklardyr wideoşekiller myhmanlary Türkmenistanda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrdy.

      Bu sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary, bilim we sport ulgamyndaky üstünlikleri öz beýanyny tapdy.

     “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň dowamynda hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe resminama gol çekildi.

     Bu çäre Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesiniň okalmagy bilen dabaraly ýagdaýda  jemlenildi.

      Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň