25.10.2025
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda Rim şäherinde türkmen-italýan işewürlik forumy hem-de italýan tehnologiýalary arkaly Türkmenistanda öndürilen önümleri tanyşdyrýan göçme sergi geçirildi.
Çäräniň guramaçysy bolup, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi çykyş etdi. Forumuň we serginiň maksady ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden we mundan beýläk-de giňeltmekden ybarat boldy.
Forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary gurnamak meýilleşdirilip, Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Olaryň barşynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Italiýanyň Söwda agentliginiň (ITA) wekiliýetiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Italiýa bilen söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigi we Italiýada türkmen bazarynda söwda edýän ýa-da oňa gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň barha artýandygy bellenip, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak barada pikir alyşyldy.
Bu maslahat hem sergi nobatdaky maksatlary we geljek üçin wezipeleri anyklaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy bölümi