2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň
çäklerinde, Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty
geçirildi. Bu maslahatyň geçirilmegi, iki ýurduň arasyndaky ykdysady
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegi we täze
taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.
Maslahatyň esasy
maksady, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň arasynda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek,
ýokary tehnologiýalar we innowasiýa ulgamlary boýunça özara teklipleri we
çözgütleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem, ýapon işewürleri
üçin türkmen bazarynda täze mümkinçilikleriň açylmagy, Türkmenistanyň
işewürlerine bolsa ýapon tehnologiýalaryndan peýdalanmak we täze innowasion
taslamalaryň üstünde işlemek üçin mümkinçilikler barada pikir alyşyldy.
Gepleşikler,
söwda, sanly ykdysadyýet, innowasiýa, energetika we ulag ulgamlary boýunça
işewürleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirildi.
Işewürler
maslahaty diňe iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi üçin däl, eýsem,
Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi üçin möhüm
ädimdir.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.