24.10.2025
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynda giňden ýaýbaňlandyrylan sergi
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda tamamlandy.
Berkarar döwletimize ähli ulgamlarda, şol
sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala
aşyrylýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe
gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz
senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň
möhüm ugry bolup durýar. Daşary
ýurt maýa goýumlaryny we öňdäki wezipeleri çözmek üçin tejribeli kompaniýalary
işjeň çekmek ýangyç-energetika ulgamynda döwlet strategiýasynyň esasy
ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp barmak
üçin ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika
ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat
edinýär.
Bu halkara maslahat we serginiň netijeleri
nebitgaz senagatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da
pugtalandyrmaga we halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga täsir eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň
Metbugat gullugy