24.04.2026
2026-njy ýylyň 9-16-njy maýy
aralygynda London şäherinde türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda möhüm iş sapary
geçiriler. Beýik Britaniýa Patyşalygynyň Günbatar Londonyň Söwda-senagat
edarasynyň çakylygy esasynda hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan
guralýan bu sapar, ilkinji nobatda, täze maýa goýumlary çekmäge we halkara
hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilýär.
Saparyň
çäklerinde türkmen telekeçileri britan kompaniýalary bilen göni gepleşikleri
geçirip, dokma senagaty, oba hojalygy, gurluşyk, bilim we syýahatçylyk
ugurlarynda anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşarlar. Duşuşyklaryň esasy
maksady – bilelikdäki önümçilikleri ýola goýmak, öňdebaryjy tehnologiýalary
çekmek we türkmen önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna çykarylyşyny giňeltmekdir.
Londonda
meýilleşdirilýän işewürlik maslahatlary, tegelek stol duşuşyklary we
kompaniýalara tanyşlyk saparlary gatnaşyjylara täze hyzmatdaşlary tapmaga
hem-de özara bähbitli şertnamalaryň binýadyny goýmaga mümkinçilik döreder.
Bu
sapar diňe bir işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem
türkmen-britan ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga ukyply strategik
ädim hökmünde çykyş edýär. Hususan-da täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa
geçirilmegine, eksport mümkinçilikleriniň giňelmegine we ykdysady gatnaşyklaryň
durnukly ösüşine itergi bermegine garaşylýar.
Umuman
aýdanyňda, Londonda geçiriljek bu iş sapary türkmen işewürleri üçin täze
mümkinçilikleri açyp, halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga
hyzmat eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.