Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Kazanda Türkmenistanyň Milli pawilýonlaryna myhmanlar ýokary baha berýärler

15.05.2026
34

     “Russiýa -Yslam dünýäsi: KazanForum 2026” XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän  sergi çärelerinde  Türkmenistanyň Milli pawilýonlary  öz işini üstünlikli alyp barýarlar.

    Häzirki wagtda  “Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO”, “Halkara emläk bazary” atly sergiler we  “Kazan halal bazary” halkara sergi ýarmarkasy giň gerime eýe boldy.

     Russiýanyň 11 sebitinden we birnäçe  daşary ýurtdan 100-e golaý kompaniýanyň pawilýonlaryny özünde jemlän “Kazan Ekspo” halkara sergi merkezinde we Kazanyň agrosenagat parkynda  ýaýbaňlandyrylan  sergilere gatnaşyjylar Türkmenistanyň Milli pawilýonlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärler.

      Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow  Türkmenistanyň Milli pawilýonlarynyň hormatly myhmany boldy. Rustam Minnihanow  ýurdumyzda  öndürilen önümler we milli gymmatlyklar bilen tanyş bolup, Türkmenistanyň  pawilýonlaryna ýokary baha berdi.

      Sergilerde ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa, azyk, dokma senagaty, gurluşyk serişdeleri, elektron senagaty ýaly pudaklarynda gazanylýan üstünlikler görkezilýär. Şeýle hem ulag-kommunikasiýa, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşleri şöhlelendirilýär.

     Pawilýonlarda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine, meşhur türkmen halylaryna, milli şaý-seplerimize aýratyn orun berildi. Sergide aýratyn pawilýonda orun alan “Aýdyň gijeler” HJ-niň diwarlygy hem sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

    “Halkara emläk bazary” atly sergide  “Eziz doganlar keramika” HJ, “Ýiti Galam” HJ öz önümlerini görkezdiler.

     Kazanyň agrosenagat parkynda giň gerim alan “Kazan Halal bazary” sergisinde Türkmenistanda öndürilýän «Halal» hil sertifikatyna eýe bolan önümler köpdürliligi bilen tapawutlanýar.  Serginiň çäklerinde azyk önümlerini dadyp görenler türkmen  önümlerine aýratyn isleg bildirýärler.

     Bu giň gerimli çäreler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, medeni mirasyny hem-de halkara hyzmatdaşlyga açykdygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezýär.  

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň   

                                                                                                      Metbugat gullugy.    


Bulary hem okaň