Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

IFT 2026: Türkmenistanyň bagtyýar hem röwşen geljegi üçin

18.03.2026
25

   2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy öz işine başlady.

    Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy,  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we  TMT Consulting Group bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Halkara foruma gatnaşyjylar maýa goýum taslamalary we startaplar bilen  tanyşdyrylyp, maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen göni gepleşikleri, işewür duşuşyklary gurnamaga şertler döredildi.

    Hususy pudagy ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we maýa goýumlaryny çekmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ykdysady syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

    Bu forum bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirip, halkara bazarlarynda möhüm orun eýelemäge hem uly itergi berýär.

    Bu möhüm ähmiýetli çäräniň giň wekilçilikli bolmagy Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiligine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

 

                                                        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň   

                                                                                                     Metbugat gullugy.         


Bulary hem okaň