Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça netijeli duşuşyk

10.12.2025
43

       2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Girts Ýaunzems bilen işewür duşuşyk geçirildi. Duşuşyga edara ýolbaşçylary hem-de degişli bölümleriň wekilleri gatnaşdylar.

         Taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

         Duşuşykda haryt dolanşygyny artdyrmak, logistika we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, önümçiligi ösdürmek hem-de iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sergi-ýarmarkalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we işewürlik çärelerini utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

         Ilçi Girts Ýaunzems türkmen bazarynyň mümkinçiliklerine ýokary gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem öz gezeginde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak boýunça taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşyk dostluk, özara hormat we hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ruhda geçdi. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň