19.03.2026
2026-njy ýylyň 19-njy martynda
Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň
18 ýyllygy mynasybetli gurnalan köpugurly sergi öz işini tamamlady.
Telekeçiligiň gazananlarynyň sergisi
ýurdumyzda şanly senäniň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýlanylýan
ýylynda has-da uly ähmiýete eýe boldy.
Geçen 18 ýylda ýurdumyzyň kiçi we orta işewürligi ýokary
derejede ösdi.
Giň möçberli sergi ykdysadyýetimiziň
hususy pudagynyň ýeten derejelerini,
telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlaryny hem-de içerki we daşarky
bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümlerini tanyşdyrdy.
Sergi şeýle hem sanly ykdysadyýetiň
ösüşiniň netijeleri, önümçilige ýokary tehnologiýalaryň, täzeçil işläp
taýýarlamalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Gözden geçirilişiň ahyrynda oňa
gatnaşyjylar diplomlar bilen sylaglanyldy. Sergä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda işewürligi ösdürmek
üçin iň gowy şertler döredilýär. Bu
bolsa milli ykdysadyýetimizi batly depginler bilen ösdürmäge, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, ata Watanymyzy ösdürmäge
ýardam edýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.