Hormatly
Prezidentimiz telekeçileriň işewürlik mümkinçiliklerini giňeltmek, hususy pudagyň
ösüşini pugtalandyrmak we ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek maksady
bilen giň gerimli çäreleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda bu tagallalar täze
üstünliklere eýe bolýar. Ýakynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam
basmagymyz bilen hususy pudakda iş alyp barýan telekeçileriň birnäçesine Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli şahadatnamalaryň
gowşurylyş çäresi geçirildi.
Bu günki gün Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasyna agza bolan
telekeçiler döwlet tarapyndan berilýän ykdysady goldawlardan
peýdalanmak, halkara sergilere we forumlara, täze işewürlik taslamalaryna
gatnaşmak ýaly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetine
saldamly goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň sanynyň barha artmagy bolsa, milli
telekeçilikde täze ösüş tapgyrynyň bat alýandygy aňladýar. Çünki Hormatly
Prezidentimiziň bimöçber tagallalary
telekeçileriň işewürlik mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge we ýurduň ykdysady
kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.