15.04.2026
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynda geçirilýän “Turkmentravel – 2026” atly
halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty syýahatçylyk pudagynyň
hünärmenleriniň üns merkezinde durýar. Bu iri halkara çäre diňe bir tejribe
alyşmak üçin däl, eýsem täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açýan möhüm
platforma hökmünde çykyş edýär.
Sergä
gatnaşýan kompaniýalaryň wekilleri onuň ähmiýetini aýratyn nygtaýalar. “Emin
travel” syýahatçylyk kompaniýasynyň wekili: “Şeýle halkara sergiler täze
hyzmatdaşlary tapmaga, hyzmatlarymyzy giňeltmäge we bazardaky ornumyzy
berkitmäge uly mümkinçilik berýär” diýip belledi.
Lebap
welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Hazar merjeni” kärhanasynyň hünärmeni
bolsa: “Bu çäre sebitleriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä tanatmaga
ýardam edýär. Şeýle sergiler ýerli hyzmatlary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe”
diýip nygtady.
“Bagtyýar
dostlar” hususy kärhanasynyň wekili: “Serginiň çäklerinde geçirilýän
işewürler arasyndaky duşuşyklar täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemäge we
anyk taslamalary durmuşa geçirmäge giň ýol açýar, şeýle hem netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýeleýär” diýip aýratyn nygtaldy.
“Şowly
syýahat” hususy kärhanasynyň hünärmeni: “Bu halkara çäre täze hyzmatlary
tanyşdyrmaga, müşderi toruny giňeltmäge we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge uly
mümkinçilik döredýär” diýip belledi.
“Mukamly
syýahat” hususy kärhanasynyň wekili hem öz nobatynda:“Turkmentravel – 2026”
ýaly iri halkara çäreler syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga,
täze ugurlary ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly itergi berýär”
diýip nygtady.
Umuman
alanyňda, hünärmenleriň biragyzdan bellemegine görä, “Turkmentravel – 2026”
atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty diňe bir häzirki gazanylan
netijeleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem geljek ösüşiň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitlemäge hyzmat edýär. Şeýle halkara çäreler milli syýahatçylyk
pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň hil derejesini
kämilleşdirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga möhüm
goşant goşýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.