03.04.2026
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynda geçirilýän “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly
halkara sergi öz işini guramaçylyk derejesinde dowam etdirýär. Giň gerimli çäre
häzirki zaman ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütleri
bir ýere jemläp, işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berýär.
Serginiň
meýdançasynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen kompaniýalaryň hem-de
ýurdumyzyň ýerli öndürijileriň önümleri we hyzmatlary giňden görkezilýär. Bu ýerde
çig mallardan başlap, yşyklandyryş we awtomatlaşdyryş ulgamlaryna, akylly
tehnologiýalardan gözegçilik ulgamlaryna çenli dürli ugurlarda innowasion
çözgütler hödürlenýär. Şeýle hem elektrik-tehniki önümler, howpsuzlyk ulgamlary,
ýyladyş, howa çalşygy we kondisioner ulgamlary boýunça häzirki zaman işläp
taýýarlamalary gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Mundan
başga-da, sergide dürli gurallar we enjamlar, internet çözgütleri, izolýasiýa
we bezeg materiallary, keramika önümleri ýaly giň görnüşli önümçilik
serişdeleri görkezilip, olaryň hil aýratynlyklary we mümkinçilikleri giňden
tanyşdyrylýar. Bu bolsa gatnaşyjylar üçin täze hyzmatdaşlary tapmaga, netijeli
işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga we özara bähbitli taslamalary durmuşa
geçirmäge amatly şertleri döredýär.
Sergi
halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýan möhüm meýdança hökmünde
çykyş edip, Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligindäki ornunyň barha berkeýändigini
aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.