Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi üstünlikli dowam etdirilýär.
Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen sergä Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular we ýurdumuzyň ýaşaýjylary gatnaşýarlar.
Her ýyl geçirilýän bu halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Olar innowasion tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanyp, täze pikirleri, çemeleşmeleri teklip edýärler.
Halkara sergi we ylmy maslahat gepleşikleri geçirmek, işewür gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilige öwrüldi. Serginiň çäklerinde göni gatnaşyklary ösdürmek, wekiliýetleri alyşmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hem-de bilelikdäki ynsanperwer taslamalaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.