Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Geljege gönükdirilen hyzmatdaşlyk: halkara sergi ýokary guramaçylyk derejesinde tamamlandy

04.04.2026
17

        2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi belent ruhubelentlikde we ýokary derejede öz işini üstünlikli tamamlady. Bu iri halkara çäre ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny giňden açyp görkezmek bilen bir hatarda, netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge möhüm itergi berdi.

         Serginiň jemleýji dabarasy aýratyn dabaraly ýagdaýda geçirildi. Çärä işjeň gatnaşan wekiller we guramalar diplomlar bilen sylaglandy. Şeýle-de dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine Ýüzlenme okalyp, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde döredilýän giň mümkinçilikler, amatly işewürlik gurşawy hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri üçin çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.

         “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi öz ähmiýeti boýunça diňe bir ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze başlangyçlaryň döremegine hem-de geljekde durmuşa geçiriljek iri taslamalaryň binýadynyň goýulmagyna uly goşant goşdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň