Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýylda TSSE-niň täze agzasyna şahadatnama gowşuryldy

13.01.2026
521

        Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hususyýetçilere berilýän döwlet goldawynyň netijesinde, telekeçilerimiziň dünýä çykmagyna giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy dünýa  uzaýan ygtybarly hyzmatdaşlyk köprüsi bolmak bilen,  onuň  agzalary günsaýyn artýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan täze ýylda hem ilkinji bolup, “Dostluk derýasy” Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzasynyň şahadatnamasyna eýe boldy.

          “Dostluk derýasy” Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň we  Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, işewür toparlaryň özara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge hem-de bilelikdäki taslamalary ilerletmäge işjeň gatnaşýar.

         –– Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalygyna kabul edilmek  hojalyk jemgyýetimiziň halkara derejesindäki işini has-da kämilleşdirmäge, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny berkitmäge, sergilere, forumlara we işewür duşuşyklara gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredýär –– diýip, “Dostluk derýasy” Hj-niň  ýolbaşçysy şahadatnama gowşurylyş dabarasynda belledi.

         “Dostluk derýasy” Hojalyk jemgyýeti geljekde-de Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, milli öndürijileriň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyna ýardam bermek, şeýle hem ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barylýan işlerini dowam etdirmegi maksat edinýär.

         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalygy “Dostluk derýasy” Hojalyk jemgyýetiniň  ösüş ýolunda möhüm tapgyr bolup, onuň halkara işewürlik giňişliginde tutýan ornuny has-da berkitmäge şert döredýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.

 


Bulary hem okaň