Hormatly Prezidentimiziň
“Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparyny Monakonyň Monte-Karlo şäherinde
geçirilen halkara sirk festiwalynda gazanan uly ýeňişi bilen gutlamagy we olara
berilýän döwlet derejesindäki goldaw, türkmen atçylyk sungatynyň ösmegini we
dünýä tanalmagyna üpjün edýär. Türkmen bedewleriniň we çapyksuwarlarynyň
ussatlygyny wagyz edýän bu topar, geljekde hem täze üstünliklere eýe bolup,
ata-babalarymyzyň mirasyny mynasyp dowam etdirer.
Türkmen
medeniýetiniň we sirk sungatynyň dünýäde tanalmagyna uly goşant goşýän
“Galkynyş” toparynyň geljekde hem täze sepgitlere ýetmegi garaşylýar. Bu
toparyň üstünligi türkmen atlarynyň we olaryň ussat çapyksuwarlarynyň dünýäde
özboluşly ornunyň bardygyny ýene-de bir gezek subut etdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.