Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«FAN» kompaniýasynyň wekili bilen TSSE-niň agzalary duşuşdylar

21.11.2025
72

2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Rumyniýa döwletiniň «FAN» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.   Duşuşyga TSSE-niň gyzyklanama bildiren agzalary gatnaşdylar.

 «FAN»  kompaniýasynyň dolandyryjysy Staýku Maria bilen  türkmen tarapy ulag-logistika ulgamynda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar.

Rumyn kompaniýanysynyň wekiline   «Eminli maslahat» hususy kärhanasynyň, «Halkara türkmen logistik» hojalyk jemgyýetiniň, «Zehinli ýoldaş» hususy kärhanasynyň, «Döwrebap ulag merkezi» hususy kärhanasynyň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan sowallar  bilen ýüzlendiler. Bu türkmen kompaniýalary ulag-logistika ulgamynda esasan hem Ýerwopa ýurtlary bilen işewür hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda  hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde  bu çäräniň uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi.

                                                   Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                Metbugat gullugy


Bulary hem okaň