2025-nji ýylyň 2–5-nji iýuly aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Bu giň gerimli çäre 5-nji iýula çenli dowam eder.
Serginiň maksady – ýurdumyzyň dürli pudaklarynda öndürilýän harytlaryny dünýä bazaryna tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iş gatnaşyklaryny ösdürmekdir. Çärä Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen bir hatarda hususy pudagyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar.
Sergide gurluşyk materiallary, azyk önümleri, dokma, haly, himiýa senagaty, elektronika we beýleki birnäçe ugurlara degişli ýerli önümçilik harytlary görkezilýär. Sergä gatnaşýan myhmanlaryň we daşary ýurtly telekeçileriň gyzyklanmasy ýokary derejede bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň döreýändigi aýdyň duýulýar.
Bu sergi Türkmenistanyň eksport mümkinçilkileriniň giňelýändiginiň we halkara bazarlarda ynamly orna eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.