2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäginde,
Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçiriler.
Bu möhüm çärä, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem
agzalarynyň birnäçesi gatnaşar.
Maslahatda
iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek,
täze işewürlik mümkinçiliklerini açmak we geljekki taslamalar boýunça özara
pikir alyşylar. Şeýle-de, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri, täze
tehnologiýalar we hyzmatdaşlyk edilýän ugurlarda dürli kompaniýalaryň
gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu
forum, Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, özara bähbitli
işewürlik hyzmatdaşlyklaryny ýola goýmak we serginiň çäklerinde iki ýurduň
ykdysadyýeti üçin peýdaly täze başlangyçlary tapmak üçin möhüm ädim bolar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.